30.10.2025
Dil dile dogan, il — ile
Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Özbek diliniň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Dost-doganlyk ruhundaky bu çäre Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen ady agzalan ýokary okuw mekdebi tarapyndan bilelikde guraldy. Dabara daşary ýurtlaryň diplomatik wekilleriniň birnäçesi, şol sanda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň ilçileri, şeýle hem institutyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Häzirki wagtda türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynda ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan medeni-ynsanperwer ulgam onuň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Türkmen we özbek halklarynyň gadymy taryhy, urp-adatlary, milli däp-dessurlary biri-birine juda ýakyn. Bu iki halkyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ykdysady, söwda, medeni we edebi gatnaşyklary yzygiderli ýagdaýda işjeň ösdürilýär. Ýakynda bu doganlyk ýurtda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem munuň aýdyň güwäsidir. Abadan SERDAROWA, Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.