29.10.2025
Toparlarda oýunlar arkaly sapak guramak
Oýunlar çagalaryň ýatkeşligini, göz öňüne getirme endigini ösdürýär hem-de olaryň dostluk, adamkärçilik ruhunda terbiýelenmegine ýardam edýär. Şeýlelikde, çagalaryň ilkinji gylyk-häsiýetleriň-de düýbi tutulýar. Çagalar oýun pursadynda özüni gurşap alan daş-töweregi synlaýarlar, ulularyň gylyk-häsiýetlerini, olaryň zähmete bolan garaýşyny öwrenýärler. Bakja toparynda oýunlar çagalaryň güýmenjesi ýaly bolup görünse-de, olarda synçylyk, pikirleniş ukybyny kämilleşdirmek, bedenini berkitmek ýaly endikler kemala gelýär. Oýnuň üsti bilen çaga daşky durmuşdan täze düşünjeler alýar. Sapaklarda, gezelençlerde alan bilimleriniň üstüni doldurýar. Çagalar oýun oýnanlarynda deň-duşlaryna, Watana, halkyna bolan söýgüsini we beýleki gylyk-häsiýetlerini aýdyň ýüze çykarýarlar. Meselem, körpeler kiçijik topar bolup, «Maşgala» oýnuny oýnaýarlar. Oýunda çagalar maşgala agzalarynyň agzybir bolmagyny, myhmançylyga gelenleri güler ýüz bilen garşylamagy, zähmete, agzybirlige bolan söýgüsini aýdyň ýüze çykarýarlar. Şemşat ETIREKOWA, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.