29.10.2025
Okuwçylara kämil bilim-terbiýe berilýär
Nesil terbiýesiniň sagdyn we kämil bolmagy ata-baba gelýän ýol-ýörelgämizde esasy orunda durýar. Şu asylly ýörelgä eýerip, häzirki wagtda ýaşlara bilim öwredilýär. Şeýle hem ýaş nesliň terbiýeli, Watana wepaly adamlar bolmagynda çuňňur alada edilýär. Milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginde mugallymlaryň taýsyz tagallalary uludyr. Maşgalada ata-enäniň ilkinji üstünligi gowy häsiýetli, il-güne ýaraýan, beýik adamkärçilikli perzendi terbiýeläp ýetişdirmekdir. Ata-ene terbiýäni öýde berse, mekdepde başlangyç synp okuwçylaryndan başlap, 12-nji synpa çenli okuwçylaryň bilim-terbiýesi mugallymlaryň gözegçiliginde bolýar. Ilkinji sapakdan başlap, okuwçylary daş-töweregi gurşap alýan gözellikler bilen baglanyşdyryp, watançylyk ruhy bilen terbiýelemek mugallymlaryň öňünde uly borç bolup durýar. Şonuň üçin mugallymlaryň okuwçylary mähribanlyk bilen garşylamak, şeýle-de çagalaryň dünýäsine ýakyndan girişmek, olaryň her biriniň häsiýetini öwrenmek mugallymyň esasy aladasy bolup durýar. Ylym-bilim babatda her bir çaganyň ene-atasynyň gelip, mugallym bilen gürrüňdeşlik geçirmegi, her günki sapaklara bolan gatnaşygy hakynda birek-birek bilen pikir alşyp durmagy has-da zerur hasaplanýar. Okuwçylarynyň ir bilen mekdebe gelenlerinde mugallym bilen salamlaşmagy, mugallyma uly hormat goýmagy üns merkezinde bolýar we oňyn netije berýär. Öýe berlen ýumuşlary doly ýerine ýetirip gelen okuwçynyň jogaby mugallym üçin begençli ýagdaýdyr. Başlangyç bilimiň kämil bolmagy çagalaryň geljekki synplara geçende çylşyrymly sapaklarda kynçylyksyz baş alyp çykmagyna uly ýardam edýär. Bilim edaralarynda halypa–şägirtlik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek bilen, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, tebigy başarnyklary ýüze çykarmak hünär kämilligine getirýär. Kämil halypanyň hyzmaty ýaş pedagoga hemişe döredijilik gözleginde bolmaga itergi berýär. Kämil bilim-terbiýäni ussatlyk bilen, irginsiz zähmetiň netijesinde gazanmak mümkindir. Ogulbeg ANNAÝEWA, Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň müdiri.