29.10.2025
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri
Ylmy-tehnologik öňegidişligiň gazananlaryny, sanly ulgamy netijeli peýdalanmagyň ähli ugurlarda ösüş gazanmagyň iň esasy şertleriniň biridigini dünýä tejribesi doly tassyklaýar. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzy innowasiýa taýdan ösdürmek, ykdysadyýetiň pudaklaryna we durmuş gurşawyna sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, sanly tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň üstünlikli ornaşdyrylmagy işleriň awtomatlaşdyrylmagyna, bökdençlikleriň aradan aýrylmagyna, hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna, şonuň esasynda hem ykdysadyýetiň netijeliliginiň we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Sanly ulgamyň giň gerim bilen ornaşdyrylmagy täze kärhanalaryň, iş orunlarynyň döredilmegine, täze bazarlara çykmaga, hyzmatlaryň görnüşleriniň artmagyna getirýär. Şonuň esasynda ykdysady ösüşiň depgini hem-de adamlaryň durmuş derejesi ýokarlanýar. Häzirki döwürde bütin dünýäde tehnologik ösüş we sanly ulgamyň gazananlary adamlara diňe bir durmuş ýeňilliklerini döretmek bilen çäklenmän, täze ykdysady mümkinçiliklere-de ýol açýar. Merjen HOJIÝEWA, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.