29.10.2025
Dost-doganlyk köprüsi
Eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýär, bilimiň hili has-da ýokarlandyrylýar, ýaşlaryň kämil hünärmenler bolmaklary barada mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlar hakynda giňişleýin alada edilýär hem-de olaryň dünýä dillerini öwrenmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda döwrüň ösmegi bilen daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegi esasy ugurlaryň biri hökmünde kemala geldi. Çünki halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegi, dost-doganlygyň has-da ýygjamlaşmagy dostlukly halklaryň dillerini öwrenmäge giň ýollary açýar. Şeýle hem dünýäde ylmyň has-da ösmegi hem daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwes döredýär. Dünýäniň ylmy kitaplary bilen tanyşmakda, öwrenmekde dil bilmegiň ähmiýeti uludyr. Bularyň ählisi dil bilmegiň wajyp ähmiýetlidigini aýdyň görkezýär. Röwşen HALLYÝEW, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.