29.10.2025
Dil öwrenmegiň ähmiýeti
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ylym-bilim ulgamy ösdürilýär. Bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ilki bilen, ýaşlarda hem-de biziň ählimizde buýsanç döredýär. Häzirki dünýä ylymlarynyň ösen döwründe ýaşlaryň ylmy düşünjeli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Esasan hem, ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde dürli dilleri öwrenmek boýunça täze ugurlar, tejribeler kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, şu günki ýaşlarymyz daşary ýurt dillerini suwara bilýärler, kämil hünärmenler bolup ýetişýärler. Dünýäniň iň täze gazananlary ylmy üstünlikleriň maglumatlary bilen tanyşmak üçin dürli dilleri bilmegiň ähmiýeti uludyr. Ylymlaryň ösmegi, adamzat jemgyýetiniň öňe gitmegi dünýä dillerini öwrenmäge bolan höwesi has-da artdyrýar. Dünýä dillerindäki ylmy kitaplar ýaşlaryň ünsüni özüne çekýär. Çünki ylym geljegiň aýdyň ýoludyr. Dünýä dillerindäki ylmy kitaplary özleşdirmek, terjime etmek örän ähmiýetlidir. Munuň özi terjimeçiligiň ösmegine, edebiýatyň baýlaşmagyna hem uly mümkinçilikleri döredýär. Bularyň ählisi dürli dilleri öwrenmegiň örän ähmiýetlidigini görkezýär. Jeren MURADOWA, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.