27.10.2025
Kämilligiň berk binýady
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegini hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Häzirki wagtda bilim we ylym dünýä derejesine çykarylýar. Nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilimli bolmagyna aýratyn üns berilýär, ýurdumyzda bu ulgam ýokary depginler bilen ösdürilýär. Eziz Diýarymyzda durmuş-ykdysady we medeni ösüşi kesgitleýän esasy şertleriň biri bolan bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, ajaýyp üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy we parasatly başlangyçlary netijesinde gazanylýar. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde umumybilim edaralarynda okadylýan dersler boýunça guralýan sapaklaryň her biriniň ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda umumybilim edaralarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns-aladasy, taýsyz tagallalary bilen öwrenmäge, bilim almaga ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işler ýaşlaryň durmuşynda öz beýanyny tapýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin zerur şertleriň bardygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap özgertmeler, il-ýurt bähbitli beýik işler ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegini, jemgyýetimiziň geljegi bolan ylymly-bilimli, ýokary hünär taýýarlykly, giň dünýägaraýyşly nesilleriň terbiýelenmegini şertlendirýär. Eziz Diýarymyzyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda beden we ruhy taýdan sagdyn nesillere, mekdep okuwçylaryna döwrebap bilim-terbiýe bermek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda döwrebap terbiýeli, kämil bilimli nesil kemala gelýär. Bu günki ýaşlar döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, bilimleri özleşdirmekde işjeňlik görkezýärler. Munuň özi geljegimiz bolan ýaşlaryň has-da kämil hünärmenler bolup ýetişjekdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mähri AGAHANOWA, Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň umumybilim bölüminiň baş hünärmeni. Çeşmesi:Türkmenmetbugat