4 Noýabr 2025
04/11/2025
Telefon: 40-84-55    Faks: 44-86-93
TÜRKMENISTANYŇ
BILIM MINISTRLIGI
HALKARA PARAHATÇYLYK WE
YNANYŞMAK ÝYLY
Logo 2 Logo 3 Bitaraplyk bellikçesi
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI
Pars sapak düzgünnama || Awazada “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi” atly (CIET 2025) Halkara maslahaty we sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy || Daşoguz welaýatynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň döwlet derejesindäki usuly-amaly maslahaty geçirildi || Mekdebe çenli çagalar edaralarynda uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparlarynda okuw-terbiýeçilik işlerini netijeli guramak we bu ugurda hünärmenleriň iş usullaryny kämilleşdirmek || Žurnalyň täze sany ||

27.10.2025

Ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da terbiýäniň ähmiýeti

Ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da terbiýäniň ähmiýeti

Yn­san hä­si­ýe­ti­niň il­kin­ji­si onuň sa­da­ly­gyn­dan baş­lan­ýar. Dur­mu­şy bol­sa, ça­ga­ly­gyn­dan baş­lan­ýar. Kö­pi­miz diý­ýän­di­ris: «Eger, müm­kin bol­sa, ça­ga­ly­gy­ma do­la­nar­dym». Bu pi­ki­re gel­me­giň hem öz se­bä­bi bar. Yn­san bu dö­wür­de edil um­man­da ýa­ly. Giň dün­ýä­ni ýe­ke-ýe­ke­den öw­ren­ýär. Söz­le­me­gi, ýyl­gyr­ma­gy, he­re­ket et­me­gi, go­wy zat­la­ra öý­kün­me­gi...ýe­ne-de kän olar. Şol hä­si­ýet­le­re, he­re­ket­le­re il­kin­ji iter­gi ber­ýän ýer bol­sa mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry hem-de olar­da­ky ter­bi­ýe­çi­le­ri­miz­dir. Ha­wa, aý­dy­lan­la­ry has anyk my­sal­lar bi­len de­lil­len­di­re­liň. Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­na gat­na­ýan ça­ga­nyň ter­bi­ýe­si öý­de ter­bi­ýe­len­ýän ça­ga­nyň ter­bi­ýe­sin­den ta­pa­wut­lan­ýar. Her­ni­çik-de bol­sa, ça­ga bu ýer­de köp­çü­li­gi gör­ýär, tä­ze söz­le­ri öw­ren­ýär, özi ýa­ly ça­ga­la­ryň bir­nä­çe­si bi­len gür­le­şip, oý­nap gör­ýär. Bu ýag­daý ça­ga­nyň köp­çü­lik bi­len ara­gat­na­şyk et­me­gi­ne, özü­ni alyp bar­ma­gy­na, ýa­dyr­ga­maz­ly­gy­na kö­mek ed­ýär. He­re­ket­le­ri ter­tip­leş­dir­mek, düz­gü­ne la­ýyk­la­mak bol­sa, ter­bi­ýe­çä bag­ly bo­lup dur­ýar. Üns ber­ýän bol­sa­ňyz, ça­ga­la­ryň kö­pü­si mu­gal­lym­dyr ter­bi­ýe­çi­le­riň be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny, öw­re­den go­wy en­dik­le­ri­ni öý­le­rin­de kem­siz ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi ba­şar­ýar­lar. Ge­ýin­me­gi, egin-eşik­le­ri­ni ter­tip­li goý­ma­gyň düz­gün­le­ri­ni, el­le­ri­ni sa­byn­lap ýuw­ma­gy, ir bi­len hem-de ag­şam­lyk na­har­dan soň diş­le­ri­ni aras­sa­la­mak­la­ry ýa­ly en­dik­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­rin­de, el­bet­de, ata-ene­ler bi­len bir­lik­de ter­bi­ýe­çi­le­riň hem ta­gal­la­la­ry ulu­dyr. Ça­ga­nyň bi­li­mi­ni we ter­bi­ýe­si­ni di­ňe ata-ene bi­len ter­bi­ýe­çi mu­gal­lym­la­ryň üz­nük­siz ara­bag­la­ny­şyk­la­ry bo­lan ýag­da­ýyn­da ke­ma­la ge­ti­rip bo­lar. Ça­ga he­mi­şe özün­den ta­lap edi­len ýag­da­ýyn­da jo­gap­kär­çi­li­gi­ni duý­ýar we ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Şol ta­lap ýok ýe­rin­de ça­ga özü­niň bi­li­mi­ni, ter­bi­ýe­si­ni ýi­tir­mek bi­len bol­ýar. Ça­ga­la­ryň mek­de­be taý­ýar­lyk­ly gel­mek­le­ri­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry bi­len umu­my­bi­lim ber­ýän eda­ra­la­ryň ara­syn­da ys­ny­şyk­ly hyz­mat­daş­lyk ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ýar. Kör­pe­le­ri baş­lan­gyç synp­la­ryň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­ny öz­leş­dir­mä­ge taý­ýar­la­mak mek­de­be çen­li bi­li­miň iň esa­sy dü­züm bö­le­gi­dir. Bu iş­ler­de al­nyp ba­ryl­ma­ly yzy­gi­der­li bag­la­ny­şyk ça­ga­lar bag­la­ryn­da okat­ma­gyň maz­mu­ny­ny, usul­la­ry­ny, se­riş­de­le­ri­ni, okat­ma­gy gu­ra­ma­gyň gör­nüş­le­ri­ni kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­rin­de ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak üçin okuw mak­sat­na­ma­syn­da­ky te­ma­la­ry ça­ga nä­hi­li öw­ret­me­li­di­gi, has ne­ti­je­li bo­lan haý­sy usul­la­ryň we tär­le­riň ula­nyl­ma­ly­dy­gy ba­ra­da­ky me­se­le bi­ziň işi­mi­ziň na­za­ry­ýe­tin­de we ama­ly­ýe­tin­de esa­sy orun­da dur­ýar. Şeý­le-de mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň bi­lim iş­gär­le­ri­niň sy­ýa­sy so­wat­ly­ly­gy­ny, hü­när de­re­je­si­ni we bi­lim iş­gär­le­ri­niň usu­ly sa­gat­la­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň üçin bol­sa bi­lim eda­ra­la­ryn­da do­ly şert­ler we müm­kin­çi­lik­le­ri­miz bar. Şem­şat GURBANOWA, Aş­ga­bat şä­her Baş bi­lim mü­dir­li­gi­niň mek­de­be çen­li ter­bi­ýe, bi­lim bö­lü­mi­niň baş hü­när­me­ni. Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Soragyňyzy giriziň

Faýl saýlanmady