27.10.2025
Bilim ulgamynda döwrebaplygyň beýany
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilim ulgamy döwrebap özgertmelere eýe bolýar. Bu ajaýyp döwürde türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim öwrenmeklerine döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem türkmen ýaşlary halka, Watana wepaly, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, bilimli, ylymly, däp-dessurlara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişýärler. Ýurdumyzda ýaş nesliň kämil ahlak keşbini kemala getirmek babatda jemgyýetde alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm orun berilýär. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, döwrebap tehnologiýalardan başy çykýan, kämil adamlar bolup ýetişmekleri üçin alada edýän hormatly Prezidentimiziň häzirki we geljekki nesilleriň eşretli durmuşyny üpjün etmegiň hatyrasyna durmuşa geçirýän parasatly syýasatynda özüniň beýanyny tapýar. Ýaşlara uly ynam bildirip, bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda beýik işleri amala aşyrmak bilen, bilim ulgamynyň döwrebap sanlylaşdyrylmagyna giň ýol açdy. Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde ýurdumyzyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda okuw maslahaty geçirildi. «Ylym-bilim ganatym — berkarardyr döwletim» atly okuw maslahata ata Watanymyzyň dürli künjeginde bilim ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler bilen bilelikde habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar bu ýerde dürli temalar boýunça çykyş etdiler. Okuw maslahatyna gatnaşan watandaşlarymyzyň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmegi makul bilýäris. Gurbandurdy GURBANMYRADOW, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy: — Awazada geçirilen okuw maslahatynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlar, esasan, bilim özgertmelerini wagyz etmek, bu esasda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini gazanmak, şeýle hem Zähmet Kodeksine laýyklykda, zähmeti guramak we goramak, tehniki howpsuzlyk çäreleri barada boldy. Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň zähmetiniň dogry guralmagy, olaryň tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmekleriniň gazanylmagy her bir pudagyň, şol sanda bilim ulgamynyň işgärleri, olaryň saglygy baradaky edilýän aladany, işiniň netijeliligini gazanmaga gönükdirilen tagallany dabaralandyrýar. Köp asyrlaryň dowamynda durmuş şertleriniň hem-de taryhy tejribeleriň esasynda kämilleşen milli ýörelgelerimiz biziň üçin nusgalyk mekdepdir. Bu asylly ýörelgelere esaslanmak, olary mynasyp dowam etdirmek bolsa mugallymlaryň öňünde esasy wezipe bolup durýar. Hut şeýle asylly ýörelgeleriň esasynda ýaşlara milli terbiýe bermek, bilim öwretmek özüniň oňat netijesini berýär. Okuw maslahatyň çäginde guralan dürli medeni çäreler, özara tejribe alyşmaga döredilen mümkinçilikler bu ýere ýygnananlarda aýratyn täsir galdyrdy. Ýazgeldi ÖWEZNYÝAZOW, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Murgap etrap Geňeşiniň başlygy: — Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap, şäher Geňeşleriniň, ilkinji guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary, derňew toparynyň agzalary we Geňeş agzalary, şeýle hem kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary bolan dürli kärdäki bilim-ylym işgärleri gatnaşdylar. «Maliýe hasabatyň halkara standartlaryna laýyklykda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň maliýe-ykdysady işini döwrebaplaşdyrmak», «Kärdeşler arkalaşygynyň maliýe resminamalarynyň dolanyşygyny talabalaýyk ýöretmek», «Sanlylaşdyrma şertlerinde kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynda maddy gymmatlyklary hasaba almagy we ony hasapdan aýyrmagyň aýratynlyklary» atly çykyşlar işleri talabalaýyk ýöretmekde we netijeliligi gazanmaga uly goldaw boldy. Deňziň kenarynda guralan dürli sport çäreleri maslahata gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak pursatlary döretdi. Rahmanguly ÝAZHANOW, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Halaç etrap Geňeşiniň başlygy: — «Ylym-bilim ganatym — berkarardyr döwletim» atly okuw maslahatynyň esasy maksady sanly bilim ulgamyny ösdürmek, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we hilini ýokarlandyrmak, bilim ulgamynyň çäklerinde tejribe alyşmak hem-de ony dünýäniň oňyn tejribesi esasynda yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşyklydyr. Bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylyp, bilimiň hiliniň ýokary derejede üpjün edilýändigi, ýaşlaryň halkara bäsleşiklere gatnaşyp gazanýan üstünlikleri barada giňişleýin çykyşlar edildi. Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatyny wagyz etmek, amala aşyrylýan işleriň netijeliligini gazanmak, şeýle hem ýerine ýetirilýän her bir işiň talabalaýyklygy barada giňişleýin durlup geçildi. Ýurdumyzda bilim bermegiň döwrebap ugurlarynyň ösdürilýändigine, watansöýüji ýaşlaryň kemala gelýändigine buýsanjyň artýar. Bize şeýle eşretli durmuşda ýaşamaga, zähmet çekmäge döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Söhbetdeşligi taýýarlan Gülsoltan ANNAGULYÝEWA, «Mugallymlar gazeti». Çeşmesi:Türkmenmetbugat