27.10.2025
Türkmenistan — Italiýa Respublikasy: netijeli hyzmatdaşlygyň binýady pugtalandyrylýar
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly taryhy wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde belent abraýa eýe bolup, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna resmi sapary hem taryhy wakalara beslenip, netijeli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini beýan etdi. Täze taryhy döwürde täze mümkinçilikler Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna resmi sapary iki dostlukly ýurduň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge täze mümkinçilikleri döretdi. Medeni we ynsanperwer ugurlarda, söwda-ykdysady gatnaşyklarda iki ýurduň giň mümkinçilikleri bar. Bu mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda geçirilen duşuşyk hem uly ähmiýete eýedir. Çünki birnäçe resminamalara gol çekilmegi, gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça ylalaşylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Iki ýurduň dostlukly gatnaşyklaryny örän köp ugurlarda görmek bolýar. Iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk nebitgaz pudagynda, dokma senagaty ulgamlarynda we işewür düzümleriň ugry boýunça yzygiderli ösdürilýär. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň güwäsidir. Ylym-bilimde, medeniýetde, söwda-ykdysady gatnaşyklarda aýdyň netijeler bar. Esasan hem, işewürleriň forumynyň geçirilmegi bellärliklidir, çünki ýurdumyzyň telekeçileri, işewürleri öz mynasyp başlangyçlary bilen çykyş edýärler, hyzmatdaşlygyň ugruny ösdürýärler. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 30-njy maýynda «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammit geçirildi we şu sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy. Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ulgamlaşdyrmak maksady bilen, hökümetara topary ýa-da işewürlik geňeşi görnüşinde bilelikdäki mehanizmi döretmegi teklip etdi. Bu beýik başlangyçlaryň häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mehanizminiň, berk binýadynyň döredilýändigini görýäris. Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde bu başlangyçlaryň has-da pugtalandyrylandygyny aýratyn belläsimiz gelýär. Italiýa bolan iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Serjio Mattarellanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu bolsa iki ýurduň hoşniýetli gatnaşyklaryny ösdürmekde täze mümkinçiliklerdir. Türkmenistan we Italiýa Respublikasynyň arasyndaky möhüm hyzmatdaşlyklaryň biri hem ekologiýa we howa bolup durýar. Bilşimiz ýaly, häzirki zaman dünýäsinde «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge ýa-da «ýaşyl» tehnologiýalara möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda iki ýurduň hem baý tejribesiniň bolmagy hyzmatdaşlyga täze mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda Arkadag şäherinde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Türkmen tebigatynyň iň gözel ýerinde kemala gelen Arkadag şäheri «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda guruldy. Bu ajaýyp şäherde «ýaşyl» tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine uly üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ekologiýa we howa babatda Türkmenistanyň baý tejribesi bardyr. Bu uly mümkinçilikler dünýäni hem gyzyklandyrýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň baý tejribesi, üstünlikli durmuşa geçirýän işleri döwrebaplygyň ýokary derejesi bolup, röwşen geljegi nazarlaýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy ösdürmekde mynasyp goşandyny goşýar, beýik başlangyçlar bilen çykyş edýär. Ynha, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek halkara forumyň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň hem ähmiýeti uly bolar. Şu möhüm çärelere Italiýa Respublikasynda hem möhüm ähmiýet beriljekdigini ynam bilen aýtmak bolýar. Çünki köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürip gelýän iki dostlukly ýurt halkara başlangyçlarda birek-biregi goldaýar. Bilşimiz ýaly, Italiýa Respublikasy BMG-niň ýanynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň hem agzasy bolup durýar. Bu bolsa Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny aýdyň beýan edýär. Rim şäherinde Türkmen-italýan işewürlik maslahaty geçirildi. Netijeli hyzmatdaşlyk barada aýdanymyzda, işewürlere uly ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, türkmen telekeçileri köp ýyllaryň dowamynda oňyn tejribe topladylar. Häzirki wagtda işewürleriň baý tejribesi esasynda ýurdumyzda ösen tehnikalar, döwrebap kompýuterler hem öndürilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri gurluşyk senagatynda, oba hojalyk önümlerini öndürmekde we beýleki harytlary dünýä bazaryna ýetirmekde uly işleri alyp barýarlar. Bellemeli ugurlaryň biri hem şu maslahatyň çäklerinde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sergisiniň guralmagydyr. Özi hem bu sergide görkezilen önümleriň arasynda italýan tehnologiýasy esasynda öndürilenleri hem bar. Şeýle hem gadymdan gelýän ýüpekçilik önümlerimizi, türkmen halylaryny aýratyn görkezmek bolar. Türkmen halylary, sungat eserleri gözüňe has-da yssy, mähirli, täsirli görünýär. Bu ýere gelen işewürler türkmen halysynyň gözelligini, ajaýyp sungat eserini synlap, şeýle sungatyň ýokary gymmatlyga eýedigini belläp geçýärler. Munuň özi şeýle gözelligi kalbyna siňen ajaýyplyk bilen deňeýändikleriniň beýany bolsa gerek. Türkmen we italýan işewürleriniň ýokary hilli önümleri öndürmekde baý tejribeleriniň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ösdürilýär, bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamynda döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Dünýäniň iň täze gazananlary bilim ulgamyna ornaşdyrylýar, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň iň döwrebap enjamlar, kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilýändigi buýsandyryjydyr. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu işler belent üstünlikleriň binýadydyr. Halkara derejesinde geçirilýän ylmy maslahatlar, bilim olimpiadalary ýaş alymlar üçin hem giň mümkinçilikleri döredýär. Şunda dünýä ýurtlary, hususan-da, Italiýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge uly üns berildi, pudagara duşuşyklar geçirildi. Esasan hem, bilim babatda hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri berjekdigini, röwşen geljege hyzmat etjekdigini belläsimiz gelýär. Çünki bilim bu ýaş nesilleriň giň dünýägaraýşy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu bolsa dostlukly ýurtlaryň geljekde hem hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyryljakdygyny beýan edýän ugurlardyr. Hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda dünýä dillerini ylmy esasda öwrenmäge, bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Şu babatda aýdanymyzda, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda alty sany orta mekdeplerde italýan dili boýunça umumybilim berilýändigini hem nygtamalydyrys. Bu babatda okuw kitaplarynyň hem çap edilmegi, italýan dili we edebiýaty boýunça mugallymlaryň sapaklary döwrebap usulda guramaklary buýsandyryjydyr. Ynha, ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebi bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda italýan dili boýunça terjimeçiler, mugallymlar taýýarlanýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde italýan dili we edebiýaty boýunça hünärmenleriň taýýarlanýandygyny bellemek gerek. Bu bolsa italýan dilini we edebiýatyny ylmy esasda öwrenýän kämil hünärmenleriň bardygyny aňladýar. Aslynda hem, dil öwrenmek asylly ýörelgeleriň biri bolup durýar. Pähimdar pederlerimiz dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde dilleri öwrenmegiň hyzmatynyň uly bolandygyny nygtapdyrlar. Biz muny halk döredijilik eserlerden, nakyllardan hem aýdyň görýäris. Türkmen nakyllarynda şeýle bellenilýär: «Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana», «Dil bilen dünýäni gezer», «Dil görki — söz, ýüz görki — göz». Görnüşi ýaly, pähimdar pederlerimiziň dil öwrenmek, dostluk köprüsini gurmak ýaly pähimleri, asylly ýörelgeleri häzirki ajaýyp döwrümizde ösdürilýär. Dil we edebiýat halklaryň arasyndaky dostluk köprüsidir, medeniýetleriň arabaglanyşygydyr. Çünki dil we edebiýat halkyň ruhy bilen, milliligi bilen berk baglanyşyklydyr. Italýan dilini we edebiýatyny çuňňur öwrenýän ýaşlarymyz dostlukly halkyň medeniýetine belent sarpa bilen garaýar. Italýan edebiýatynyň gymmatlyklaryny türkmen diline terjime etmekde hem, milli edebiýatymyzyň dürdänelerini italýan diline terjime etmekde hem ýaş hünärmenleriň alyp barýan işleri uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaby italýan diline terjime edildi. Bu ajaýyp eseriň italýan diline terjime edilmegi, dostlukly halkyň okyjylaryna ýetirilmegi bolsa buýsandyryjy işlerdir. Görnüşi ýaly, iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, geljekde has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilikler bar. Bu giň mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde, ösdürmekde beýik işler amala aşyrylýar. Gadymy taryh we miras Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle belleýär: «Günbatarda irki zamanlarynda «Ähli ýollar Rime eltýärler» diýen aýtgynyň meşhur bolşy ýaly, orta asyr Gündogarynda hem «Ähli ýollar Merwe eltýärler» diýlendigi bilen ylalaşmazlyk mümkin däl». Bu parasatly sözler türkmen we italýan halklarynyň taryhynyň örän gadymydygyny, baý miraslarynyň bardygyny aýdyň beýan edýär. Şonuň üçin hem dostlukly halkyň taryhy ýerleri, gadymy şäherleri dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Şeýle gadymy taryhy bolan halklaryň şu günki hoşniýetli gatnaşyklary çuňňur many-mazmuna eýe bolup durýar. Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýinde türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, milli mirasyny beýan edýän muzeý gymmatlyklarymyzyň görkezilmegi buýsanç döretdi. «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi XX we XXI asyryň dowamynda Türkmenistanda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylardan ybaratdyr. Esasan hem, bu gazuw-agtaryş işleriniň bilelikdäki türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalary tarapyndan ýüze çykarylan gymmatlykdygyny hünärmenler gürrüň berýär. Bu halkymyzyň milli gymmatlygynyň dünýä ýaýylmagydyr, şöhratly geçmişimiziň gymmatlyklary, mirasy hakynda adamzada ýetirilmegidir. Medeniýetleriň özara baglanyşygy, mirasa gyzyklanma dostlukly halklaryň ünsüni çekýär. Türkmen topragynyň gadymy medeniýetiň ojagydygyny Margiana, Gadymy Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerimizde aýdyň görmek bolýar. Şu ýerde görkezilen muzeý eksponatlaryň köpüsi hem bu taryhy şäherlere degişli bolup durýar. Şonuň üçin hem türkmeniň geçmişini beýan edýän gymmatlyklar taryhyň sahypalaryny, gadymdan galan yzlaryny şöhlelendirýär. Gadymy Rim şäherinde ajaýyp muzeýi ýa-da taryhyň ýaňy bolýan birnäçe binagärlik, çeperçilik ugurlary görmek örän ýakymlydyr. Ynha, şeýle taryhy şäherde gadymy türkmen medeniýetini şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklarynyň görkezilmegi dostlukly iki halkyň garaýyşlarynyň ýakyndygyny beýan edýär. Medeni gatnaşyklaryň häzirki döwürde has-da ösdürilýändigini, pugtalandyrylýandygyny bellemek örän ýakymly. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal tapan Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy her bir ynsanyň köňül buýsanjydyr. Bu ajaýyp seýilgähde dünýä akyldarlarynyň, şahyrlarynyň, sungat işgärleriniň heýkeli ýerleşdirilen. Bu ýerde italýan halkynyň meşhur akyldary, danasy we şahyry Dante Aligýeriniň ýadygärligi hem bar. Orta asyryň beýik şahyry hasaplanýan Dante Aligýeriniň eserlerine türkmen okyjylary uly sarpa goýýar. Ajaýyp seýilgähde bina edilen bu ýadygärlik iki halkyň dostlugynyň has-da pugtalanýandygyny beýan edýär. Hawa, türkmen we italýan halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň binýady has-da berkdir. Bu hoşniýetli gatnaşyklar halklaryň taryhynyň gadymylygy, medeniýetlere belent sarpa goýýandyklary, dilini hem-de edebiýatyny öwrenmäge bolan gyzyklanmasy bilen pugta baglanyşyklydyr. Bu asylly ýörelgeleriň rowaçlanmagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň bardygyny bellemek gerek. Şeýle asylly ýörelgelerimiziň rowaçlanmagy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dost-doganlyk halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyz has-da ösdürilýär. Türkmenistan we Italiýa Respublikasynyň hoşniýetli gatnaşyklary özara düşünişmekden gözbaş alyp, häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwrebap ösdürilýär, täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýän, umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Söhbet NURBERDIÝEW, «Mugallymlar gazeti». Aşgabat — Rim — Aşgabat. Çeşmesi:Türkmenmetbugat