Ministrlik hakynda
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilim-terbiýeçilik işinde we ýaşlar syýasaty barada bir bitewi döwle syýasatyny amala aşyrýan bilimi dolandyryş we bilim edaralarynyň ulgamyna ýolbaşçylyk hem-de gözegçilik edýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de welaýatlardaky, etraplardaky we şäherlerdäki döwlet bilimi dolandyryş edaralary ýurtda bilimi dolandyrmagyň bir bitewi ulgamyny emele getirýär. Yerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary özleriniň bilim babatdaky ygtyýarlyklarynyň çäginde yerlerde döwlet bilimi dolandyryş wezipelerini yerine ýetirýärler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň esasy ygtyýarlyklary şulardan ybarat:
- bilim we ýaşlar syýasaty barada ýeke-täk döwlet syýasatyny iş yüzünde durmuşa geçirmegi üpjün edýär;
- bilimin ösüşinin geljegini we ugurlaryny, onuň mazmunyna, derejesine we möçberine bolan talaplary işläp düzýär;
- ähli kysymlardaky bilim edaralarynyň okuw, terbiýeçilik, usulyýet we ylmy işlerini guramagyň kadalaşdyryjy-gözükdiriji resminamalaryny işläp düzýär;
- okaýanlary terbiýelemek babatda Türkmenistanyň döwlet syýasatyny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň işlenip düzülmegine gatnaşýar;
- bilim babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
Bölümler
Mekdebe çenli bilim bölümi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň …
17.10.2025
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurluş …
17.10.2025
Umumy orta bilim bölümi
Türkmenistanda üznüksiz bilim bermegiň döwlet ulgamyna girýän we umumy orta …
17.10.2025
Ýaşlar syýasaty bölümi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda Ygtyýarly edara …
17.10.2025